Şu günler Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary ýurdumyzda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda (19.11.2025ý) habar berildi.
Günüň dogýan ýurdundan gelen lukmanlar paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde hassalaryň saglygyny bejermek işine gatnaşýarlar. Aşgazan-içege ýollarynda häzirki zaman endoskopiki hirurgiýa amallaryny netijeli geçirmekde tejribeleriň alşylmagy ýerli lukmanlar üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Saglygy goraýyş işgärleri ornaşdyrylan öňdebaryjy lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda, ýüze çykarmakda netijeli ulanmak babatda hem pikir alyşdylar.
18-nji noýabrda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň professor-lukmanlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda häzirki zaman hirurgiýa bejeriş usuly bolan endoskopiki hirurgiýa ulgamynda gazanylanlary we olaryň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berildi. Maslahatda lukmançylygyň tyg ulanmazdan bejeriş usullary boýunça pikir alşyldy. Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan, keselleriň öňüni almakda we saglygy bejermekde tebigy çeşme bolan melhemlik çaýlar ýaponiýaly lukmanlarda uly gyzyklanma döretdi.