5—9-njy oktýabr aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplaryndan ybarat döredijilik topary Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyz hem-de Türkiýe Respublikasyndan talyplar teatrlarynyň jemi 6-syndan döredijilik toparlary gatnaşdylar. Oňa Türkmenistandan emin agzasy hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gatnaşdy.
Festiwalyň baş baýragyna Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky halkara gazak-türk uniwersitetiniň «Aktýorçylyk sungaty» bölüminiň talyplaryndan ybarat bolan döredijilik toparynyň gazak ýazyjysy M.Omarowanyň pýesasy esasynda, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy M.Aýtjanulynyň sahnalaşdyran «Chanel №5» atly sahna oýny mynasyp boldy. Halkara talyplar teatr festiwalynyň jemleýji dabarasynda eminler türkmen ýaşlarynyň görkezen sahna oýnunyň sungat kämilligine aýratyn uly baha berdiler. Olar bu sahna eserinde bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň ýokary derejede dabaralanýandygyny nygtadylar. Eminleriň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar toparynyň «Bedew sarpasy» atly spektakly Türki dünýäsiniň talyplar teatrlarynyň IV halkara festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna oýny» atly ýörite baýragyna mynasyp görüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň talyplar teatr topary halkara festiwalyna gatnaşandygy üçin, halkara festiwalynyň Kubogyna, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň hem-de Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat hatyna, Türküstan şäheriniň häkimliginiň Alkyş hatyna mynasyp boldular.
Türkmen talyp ýaşlarynyň teatr sungaty festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna eseri halkymyzyň ruhy dünýäsini giňden dabaralandyrýan baý mazmunly sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
