«Kids Expo» sergisinde «Ýaş tebigatçy» bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!

MilliInfo

18 Awgust, 2026

«Kids Expo» sergisinde «Ýaş tebigatçy» bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!

Mähriban ene-atalar, eziz çagalar we ýetginjekler!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy sizi paýtagtymyzda geçiriljek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar.

Bu ajaýyp çäre 2026-njy ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda geçiriler. Serginiň çäginde guramamyzyň ýörite pawilýony çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň gyzykly, özüne çekiji hem-de ekologiýa sowatlylygy artdyrjak esasy nokatlaryň birine öwrüler.

Biziň pawilýonymyzda çagalary «Eco Jenga», «Save the planet springer», «Eco-themed T-shirt activity», «Eco sorting», «Tangram» hem-de «Bu nämäniň ýapragy?» ýaly gyzykly eko-oýunlar garaşýar. Şeýle hem galyndylary dogry dolandyrmak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, çagalar tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda dürli ösümlikleri ekip, özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýup bilerler.

Wagtyňyzy peýdaly, gyzykly we ekologiýa taýdan bilimli geçiriň! Sergide size sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon: +(993 64) 26-84-32

  • TikTok: @yash_tebigatchy.jg

  • Instagram: @yashtebigatchy

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info