Ýaş türkmen tennisçileri Duşanbede 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň halkara ýaryşlarynyň üçüsin gatnaşyp, sekiz medala mynasyp boldular. Jübütleýin we ýekelikdäki bäsleşiklerde ildeşlerimiz üç altyn, dört kümüş we bir bürünç medal gazandylar.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Imiliýa Kambarowa, Erkin Altyýew we Sanjar Rejepow dagy medallara eýe boldy.
Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda 2-nji derejeli ýaryşlar hem geçirildi. Olara 7 döwletden: Kambojadan, Gazagystandan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, ABŞ-dan, Täjigistandan we Türkmenistandan gelen ýetginjek oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşikler gatnaşyjylara indiki ugra – WT dünýä ýetginjekler ýaryşyna geçmezden ozal gymmatly reýting utuklaryny gazanmaga we halkara tejribesini toplamaga mümkinçilik berdi.
Biziň toparymyzdan ýetginjek oglanlaryň arasynda bäş medal gazanan Erkin Altyýew boldy.
A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň ýedinji synp okuwçysy «ATF 14&U Somon Open» birinji halkara bäsleşiginde iki kümüş medal gazandy.
Ýekelikde bäsleşikde bolsa 4-nji belgili Altyýew yzly-yzyna üç ýeňiş gazanyp, finala çykdy. Ol gazagystanly Timur Mundan 6:1, 6:2, Gyrgyzystanyň wekili Alan Abdiýewden 6:3, 6:3 we ildeşi Nazar Tugiýewden 6:2, 7:5 hasabynda üstün çykdy. Altyn medal ugrundaky aýgytly duşuşykda Erkin bäsleşigiň birinji raketkasy, kambojaly Aleksandr Miheýiçewden 3:6, 4:6 hasabynda utuldy. Bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Nazar Tugiýew gazagystanly Daniýal Akimgereýden 0:6, 1:6 hasabynda utulyp, dördünji orny eýeledi.
Erkin Altyýew ikinji kümüş medalyny Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sanjar Rejepow bilen bilelikde jübütleýin ýaryşda gazandy. Ýaryşda ikinji belgili topar bolup çykyş eden türkmen türgenleri çärýek finalda Dýon An (Koreýa Respublikasy) / Imron Ismailow (Täjigistan) halkara jübütni 6:1, 6:0 hasabynda, ýarym finalda bolsa Alan Abdukarimow (Gyrgyzystan) we Nasriddin Muhiddinow (Täjigistan) toparyny 7:5, 6:1 hasabynda ýeňdiler. Örän dartgynly geçen final duşuşygynda türkmen tennisçileri taý-breýkde bäsleşigiň birinji belgili topary bolan Aleksandr Miheýiçew (Kamboja) / Daniýal Akimgereý (Gazagystan) jübütinden 6:4, 4:6, 6:10 hasabynda utuldylar.
Şondan soň ýaýbaňlandyrylan «ATF 14&Under Dushanbe Cup» bäsleşiginde 5-nji belgili topar bolup çykyş eden Erkin Altyýew kümüş medala mynasyp boldy. Ol finala barýan ýolda yzygiderli ýagdaýda Alan Abdukarimowy (Gyrgyzystan) 6:1, 6:0, Imron Ismailowy (Täjigistan) 6:0, 6:0, Timur Muny (Gazagystan) 6:4, 4:6, 6:1 hasabynda utdy we diňe altyn medal ugrundaky aýgytly duşuşykda 4-nji belgili gazagystanly tennisçi Daniýal Akimgereýden 1:6, 0:6 hasabynda utuldy.
«Duşanbe Open ATF 14&Under» üçünji bäsleşiginde eýýäm 3-nji belgide çykyş eden Erkin ýene iki medal gazandy – ýekeleýin zolakda 3-nji orun ugrundaky oýunda watandaşy Sanjar Rejepowy 6:2, 7:6 (3) hasabynda utup bürünç medal hem-de Daniýal Akimgereý bilen jübütleýin oýunda altyn medal eýeledi. Bu üstünlige barýan ýolda türkmen-gazagystan jübüti ýarym finalda Nasriddin Muhiddinowy (Täjigistan) we Daniel Çepagy (ABŞ) 6:1, 6:2 hasabynda ýeňdi, finalda bolsa Andreý Gordew (Gazagystan) we Dawut Hudaýberdiýew (Türkmenistan) düzümindäki başga bir halkara jübütden 6:4, 6:4 hasabynda üstün çykdy.
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Imiliýa Kambarowa hem Täjigistandaky bäsleşikde özüni örän gowy görkezip, iki altyn we bir kümüş medal gazandy.
«ATF 14&U Somon Open» birinji bäsleşiginde 4-nji belgili türkmen tennisçisi ýekeleýin zolakda Gazagystandan bolan üç bäsdeşini: Diana Ýermaganbeti – 6:2, 6:1, Kamila Azizgyzyny – 6:0, 6:0 we Aýşa Hakimi – 6:2, 6:1 hasaby bilen ýeňip, finala ýetdi. Diňe çempionlyk ugrundaky aýgytly duşuşykda Imiliýa Gazagystanyň ýene bir wekili Sofi Kaltenowadan 2:6, 2:6 hasabynda utulyp, kümüş medala eýe boldy.
Ýekeleýin zolagyndaky finalyň öwezini Kambarowa jübütlik zolagynda doldurmagy başardy we şol ýerde Hindistandan bolan Raji Raçabattuni bilen tandemde altyn medaly gazandy. Birinji belgili türkmen-hindi dueti Gazagystanyň üç jübütini yzygiderli ýeňip, bäsdeşleriniň ählisinden doly artykmaçlygyny görkezdi.
Ýeňşe barýan ýol çärýek finalda Daýana Jumanowa we Sofýa Murawýowa garşy gazanylan 6:2, 6:4 hasabyndaky ynamly ýeňiş bilen başlandy. Ýarym final duşuşygynda Kambarowa bilen Raçabattuniň garşydaşlary Safiýa Karymbaýewa we Linara Kasymowa hiç hili mümkinçilik galdyrman, 6:0, 6:1 hasabynda üstün çykdylar.
Altyn medal ugrundaky aýgytly bäsleşik birinji orunda ýerleşdirilen tennisçileriň doly artykmaçlygy astynda geçdi: Imiliýa we Rajanyň garşydaşlary Ýasmina Ýusupowa we Kamila Azizkyzyna tutuş oýnuň dowamynda diňe bir oýun almaga mümkinçilik berdiler we ýarym finalyň netijesini gaýtalaşyp (6:0, 6:1), ýaryşyň baş baýragyny eýelediler.
Indiki «ATF 14&Under Dushanbe Cup» bäsleşiginde Imiliýa Kambarowa jübütleýin bäsleşikde ikinji altyn medalyny gazandy, ýöne bu gezek özbegistanly Milana Zaharowa bilen bilelikde çykyş etdi. Bu ýeňiş üçin türkmen-özbek jübüti Gazagystanyň üç jübitini ýeňmegi başardy. Çärýek finalda Sofi Kaltenowa / Linara Kasymowa – 6:3, 6:2 hasabynda, ýarym finalda Žanel Ýelamanowa / Sofiýa Žuluşewa – 6:1, 6:2 hasabynda we finalda birinji orunda ýerleşdirilen Aružan Kaumenowa / Madina Nabiulla – 6:1, 6:3 hasabynda ýeňildi.
Ýaş türgenlerimiziň bu üstünlikleriniň gözbaşynda halypa tälimçileriniň irginsiz zähmeti durandyr. Erkin Altyýew we Imiliýa Kambarowa Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň hem-de Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar, Sanjar Rejepow bolsa öz ussatlygyny Ýuriý Rogusskiniň tälimçiliginde kämilleşdirýär.
