Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmeginde möhüm orna mynasyp bolan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada Gahryman Arkadagymyza haýyş bilen ýüz tutdular. Gahryman Arkadagymyzyň olaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmagy bilen, milli sportuň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmagy esasy ýörelge edinen ýetginjekler Olimpiýa şäherçesinde boldular. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde geçirildi.
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary ilki bilen Olimpiýa şäherçesiniň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow ýaşlary Aşgabat Aziadasynyň oýunlarynyň 21 görnüşi bilen ýakyndan tanyşdyrdy.
Bu ýerde V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlarynyň esasy nyşany bolan alabaýyň şekiline üns berildi. Bellenilişi ýaly, alabaýyň şekili Aziada oýunlarynda türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu gezekki ýaryşda hem alabaýyň şekiliniň halkara futbol duşuşygynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy.
Şeýle hem bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwondo, tans sporty, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly 21 görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde bolup, häzirki döwürde dünýä derejesinde üstünlikli çykyş edýän «Arkadag» futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli duşuşygynyň geçiriljek ýeriniň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy, şeýle hem ýetginjek türgenleriň arzuwlaryny hasyl etmegi hem-de bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmek, türgenleşikleri guramak ugrunda döredilen şertler bilen tanyşmaklary olary belent sport ýeňişlerine, täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Soňra ýetginjek türgenler öňde boljak halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde geçirýän türgenleşiklerini synladylar.
Aziýa sebitinde iň uly stadion hökmünde ykrar edilen 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda ýetginjek türgenler dünýäde uly meşhurlyk gazanan we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşýan ussat futbolçylaryň türgenleşiklerine syn etdiler. Munuň özi ýaş futbolçylar üçin ýatdan çykmajak wakalary özünde jemleýän pursatlara öwrüldi.
«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary bu ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary hem-de «Arkadag» futbol toparynyň ýaş wekilleri bilen gürrüňdeş boldular. Şeýle hem bu ýerde türkmen sportunyň taryhynda uly şöhrat gazanan toparyň oýunçylary körpe nesillere şanly wakalardan ýadygärlik hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdylar. Ýetginjek türgenler ussat futbolçylardan sowgat almagyň özleri üçin uly şatlykdygyny nygtadylar hem-de sowgat berlen futbol topuny we süýjülikleri ýüzlerine sylyp kabul etdiler.
Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşandygy üçin ýetginjek türgenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.