«Ýaşesen» platformasynyň «Biznes çarhypelegi» atly intellektual çäresi diýseň netijeli geçdi

MilliInfo

«Ýaşesen» platformasy tarapyndan guralan «Biznes çarhypelegi» atly intellektual çäresiniň işi uly üstünliklere beslendi. Oňa biznes bilen gyzyklanýan ýaşlaryň 60-dan gowragy gatnaşdy.

«Biznesde netijelilik: ýaşlyk we tejribe» şygary astynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň, çekişmeleriň dowamynda gatnaşyjylar:

— biznese başlamakda,

— kararlary kabul etmekde,

— ykdysady çökgünlikleri (krizisleri) dolandyrmakda

haýsy tarapyň — ýaşlaryň ýa-da tejribeli adamlaryň has netijelidigini seljermäge synanyşdylar.

Çäre diýseň işjeň, çekeleşikli we interaktiw ýagdaýda geçdi. Gatnaşyjylar öz garaýyşlary gorap çykyş etdiler, pikir alyşdylar we toparlaýyn maslahatlara gatnaşdylar. Şeýlelikde, has işjeň diňleýjilere ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Netijeli çäre «Maslahatly Çözgüt» hem-de «Eksport Konsalting» hojalyk jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. «Milli-info», «Orient» habarlar portaly hem-de «Eser Creative» studiýasy onuň media we döredijilik hyzmatdaşlary hökmünde çykyş etdiler.

«Ýaşesen» platformasy ajaýyp çäräniň has netijeli we ýokary derejede geçmegine uly goşant goşan hemaýatkäri «Ýigit» hojalyk jemgyýetine aýratyn minnetdarlyk bildirýär.

«ÝAŞESEN» — ýaşlary pikirlenmäge, ara alyp maslahatlaşmaga we ösüşe iterýän giňişlik.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info