Bahreýnde jemlenen ýaşlaryň arasyndaky III Aziýa oýunlarynyň ahyrky gününde ýene bir hoş habar gelip gowuşdy.
Agyr atletika boýunça ýaşlar ýygyndymyzyň agzasy Yslam Akmyradow 94 kilogram agram derejesinde çykyş edip, birbada götermekde 146 kg görkezijisiniň esasynda bürünç, ştangany itekläp galdyrmakda bolsa 185 kg netije bilen kümüş medallara eýe çykdy.
94 kilogramdan ýokary agramda ildeşlerimiz Saparbaý Atajanow itekläp götermek görnüşden ýygyndy toparymyzyň baýrak gaznasyna nobatdaky bürünç medaly getirdi. Ol bu ugurdan 145 kg netije görkezdi.
Biz ozal agyr atletikaçymyz Didarbek Jumabaýewiň iki medala eýe bolandygyny hem-de Aziýa oýunlarynyň rekordyny täzeländigini habar beripdik. Şeýle-de Leýli Ýusupowanyň kuraş boýunça bürünç medal gazanandygyny okyjylarymyz bilen paýlaşypdyk.
Şunlukda, türkmen wekiliýetiniň ýaşlaryň arasyndaky III Aziýa oýunlarynda gazanan medallarynyň umumy sany 6-a ýetdi.

