25-nji fewralda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda halk sungatymyzyň altyn hazynasynda öçmejek yz goýan beýik ussatlarymyzyň — Türkmenistanyň halk artistleri Nabat Nurmuhammedowanyň hem-de Amanbibi Welmyradowanyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama konserti geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl halypa Nabat Nurmuhammedowanyň doglan gününe 100 ýyl, Amanbibi Welmyradowanyň dünýä inen gününe bolsa 80 ýyl dolýar.
Ajaýyp konsert Watanymyzda milli sungatymyza, geçmişimize we ruhy mirasymyza goýulýan belent hormatyň beýanyna öwrüler. Şonuň üçin hem, isleg bildirýän ildeşlerimiziň ajaýyp konserte gatnaşyp biljekdigini ýatladýarys.
Konsert 16:00-da başlanýar.