Mukaddes Gurban baýramynyň ýakynlaşyp gelýän günlerinde şu ýylyň haj möwsüminde döwlet tarapyndan döredilen şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, ildeşlerimiziň köp sanlysy mukaddes Käbä zyýarata ugrady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Zyýaratçylar ilki paýtagtymyzdaky «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde ýygnandylar. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza, Arkadag şäherine wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek hem-de beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
Nurana metjitde zyýaratyň düzgün-kadalary barada pikir alyşmalar boldy. Din wekilleri hem-de zyýaratçylar halkymyzyň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlary dowam etmegiň we olaryň aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Köňüllerinde beslän arzuwlaryna ýetmek bagty miýesser bolýan zyýaratçylar yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek ugrunda döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Zyýaratçylar Hezreti Omar metjidinden ak mermerli paýtagtymyzyň nurana ýollary bilen Aşgabat Halkara howa menziline tarap ugradylar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýagşy dessurlary berjaý etmäge ugraýan ildeşlerimiz mähirli garşylanyldy. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, zyýaratçylar üçin ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Mekge-Medinä zyýarat etmek tämiz ruhy-ahlak gözelliklerine, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermegiň nusgasydyr. Ol milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen nurana ýörelgämiziň häzirki bagtyýar we abadan durmuşymyzda üstünlikli rowaçlanýandygyny, halkymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar, oňyn maksatlara ruhlandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.
Mukaddes topraga haj ybadatyny berjaý etmäge giden zyýaratçylar ata Watanymyza sag-aman dolanyp gelsinler! Olaryň ähli musulman dünýäsiniň mukaddes künjeklerinde etjek doga-dilegleri, tagat-ybadatlary Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!