Ýeňilmezek Hamzat Çimaýew Islam Mahaçewiň garşysyna çykmaga taýýar

MilliInfo

26 Awgust, 2025

«UFC-niň» ýeňilmezek söweşijisi Hamzat Çimaýew guramanyň oazlky çempiony Islam Mahaçew bilen oktagonda duşuşmaga taýýardygyny mälim etdi.

15-nji noýabrda Islam Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçiriljek «UFC 322» ýaryşynyň çäginde ýarym orta agramda Jek Dellanyň Maddalenanyň garşysyna möhüm duşuşyga çykar.

— Siz ýarym orta agramda Mahaçewiň garşysyna çykmaga taýýarmy? — diýen sowala H.Çimaýew şeýle jogap berdi:

— Ilki bilen kimiň çempion boljagyny (şu diwizionda) göreliň. Eger-de, Islam ýeňiş gazansa, bu meniň üçin agram derejelere garamazdan, «UFC-niň» iň gowy söweşijisi bolmagyma iň ýakyn ýol bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo