Ýerewandan hoş habar: Türkmen samboçylary Dünýä kubogynyň birinji gününde üç medala eýe boldular

MilliInfo

11-nji aprelde Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogy başlandy. 21 döwletden 289 pälwany jemlän ýaryşyň birinji güni Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna uly üstünlik getirdi. Dünýä kubogynyň badalga alan güni ildeşlerimiz üç medal gazanmagy başardylar.

Şeýlelikde, 50 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Kurbanaý Kurbanowa söweş sambosyndan kümüş medal gazandy. Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zyba Orunowa bolsa 65 kilogram agram derejesinde söweş sambosyndan hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgeri Atanyýaz Amangeldiýew 88 kilogram agramda sambo boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Şunlukda, 11-nji aprelde türkmen samboçylary ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 2 kümüş, 1 bürünç medal getirmegiň hötdesinden geldiler.

Dünýä kubogy şu gün — 12-nji aprelde tamamlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info