Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky Türkmenistanda halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça seminar geçirdi

MilliInfo

16-17-nji oktýabrda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça seminar: Esaslar, gurallar, komplaýens, iň gowy tejribeler we öňdebaryjy usullar» atly seminar guraldy. Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de bu bankyň Söwdany maliýeleşdirmek Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Merkezi banky bilen hyzmatdaşlykda geçiren çäresi ähmiýetli söhbetlere, täsirli maglumatlara diýseň baý boldy.

Iki günlük seminar ýurdumyzyň banklarynyň hünärmenleriniň hem-de hususy kärhanalaryň wekilleriniň söwdany maliýeleşdirmek babatyndaky bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu çäre söwdany maliýeleşdirmegiň amaly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin gatnaşyklary ýola goýmak boýunça täsirli meýdança boldy.

Seminary «TeraBank» paýdarlar jemgyýetiniň (Gruziýa) halkara bank işi we söwdany maliýeleşdirmek boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, şol bir wagtyň özünde hem, «Reformatics FZC» kompaniýasynyň söwdany maliýeleşdirmek boýunça baş strategik geňeşçisi Otar Tabutsadze geçirdi. Oňa gatnaşmaga resminama bilen kepillendirilýän akkredditiwler boýunça amaly hünärmenler, söwdany maliýeleşdirmek ugrundan beýleki işgärler, hukuk meseleleri boýunça geňeşçiler, şeýle hem halkara söwda we maliýeleşdirme işinde resminama akkreditiwleri ulanmak bilen gyzyklanýan hususy kärhanalar çagyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo