Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý edeliň!

MilliInfo

1-nji sentýabrda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi. Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen bu biraýlyk ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny tassyklaýar. Onuň sentýabr aýynda guralmagynyň düýp manysy bolsa güýzüň ilkinji gününde täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýollardaky hereketiň hem işjeňleşýändigi bilen baglydyr.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly tekiz, giň ýollaryň, köprüleriň, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda oňyn şertler döredilýär.

Hormatly watandaşlar, eziz ildeşler!

Şeýle döwrebap şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ulaglarymyzy dolandyranymyzda-da, ýol hereketine pyýada gatnaşanymyzda hem ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý edeliň! Çünki ýollarymyzyň howpsuzlygy ömrümiziň abatlygy, durmuşymyzyň rahatlygydyr.   

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo