Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 11-nji aprelinde gol çeken «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň resmi metbugatynda çap edildi. Şunda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly sürüjilere degişli käbir maddalara hem üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi.
Geliň, Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünlerini bozmak bilen bagly öň bar bolan administratiw jerimelere girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar hakynda giňişleýin durup geçeliň:
Tehniki näsaz ulagy dolandyrmak — öň 50 manatdy, täze düzgün boýunça 200 manat bolar;
Derman gutusy we ot söndüriji bolmadyk ýagdaýynda — öň 10 manatdy, indi 100 manat;
Howpsuzlyk kemerini dakmazlyk — öň 20 manatdy, indi 100 manat;
Goşmaça oturdylan enjamlar üçin — öň 100 manatdy, indi 200 manat;
Hapa ulag üçin — öň 30 manatdy, indi 100 manat;
Telefonda gürleşmek ýa-da çilim çekmek — öň 100 manatdy, indi 200 manat;
Ulagy degişli tertipde tirkege almazlyk — öň 50 manatdy, indi 100 manat;
Ýüküň artyk ýüklenmegi — öň 200 manatdy, indi 500 manat;
Demir ýol geçelgesinden geçmegiň kadalaryny bozmak — öň 200 manatdy, indi 400 manat;
Ulag serişdesini görnetin serhoş ýagdaýdaky adama bermek — öň 600 manatdy, indi 1000 manat;
Ulagy dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamyň serhoş ýagdaýda ulag dolandyrmagy — öň 700-den 1200 manada çenlidi, indi 1200-den 1500 manada çenli (kazyýet tertibinde);
Şeýle ýagdaý bir ýylyň dowamynda gaýtalansa — öň 800 manada çenlidi ýa-da 15 gije-gündize çenli tussag etmekdi, indi 1700 manada çenli ýa-da 15 gije-gündize çenli tussag etmek.
Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.