1–4-nji awgust aralygynda «Ýola Rowana» hususy kärhanasynyň biznes okuw merkezinde öz işini indiki derejä çykarmagy maksat edinýän biznes eýeleri üçin «Biznesi ulgamlaşdyrmak» atly trening geçiriler. Bu maksatnama Saidmurad Dawlatowyň usulyýetiniň esasynda taýýarlanyldy.
Telekeçileriň aglabasy her gün operasion işleriň köplügi, işewürligi ösdürmäge wagtlarynyň ýetmezçiligi, emosional ýadawlyk we girdejiniň ösüşini çäklendirýän kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu maksatnama şol meseleleriň çözgüdini tapmaga hem-de işiň netijeli işlemegine we giňelmegine mümkinçilik berýän dolandyryş ulgamyny döretmäge kömek eder.
Dört günüň dowamynda gatnaşyjylar ulgamly biznesi gurmagyň ädimme-ädim usullaryny, marketing seljermesini we strategiýasyny öwrenerler, iň amatly biznes modelini saýlamagy, maliýe gözegçiligini ýola goýmagy, işgärleri saýlap almak we ygtyýarlyklary tabşyrmak ulgamyny döretmegi, şeýle hem satuw bölümini ösdürmegi özleşdirerler.
Okuwyň esasy maksady diňe bir nazary bilim bermek däl, eýsem, gatnaşyjylara hakyky netijeleri gazanmaga we okuw döwrüniň özünde işe girizip boljak täsirli gurallary öz bizneslerine ornaşdyrmaga ýardam bermekdir.
Näme üçin häziriň özünde ýazylmaly?
Biznesiňizi strategik taýdan ösdürmek üçin wagt aýryň.
Iş amallaryny we maliýe işlerini tertibe salyň.
Güýçli we giňeldip boljak biznes modelini dörediň.
Dessine ulanyp boljak amaly gurallary ele alyň.
Biznesiňiziň ösüşine, girdejisine we erkinligine maýa goýuň.
Biznesiňizi şu günden özgerdip başlaň — ulgamly kompaniýa dörediň!
Orunlaryň sany çäklidir!
1–4-nji awgust aralygynda «Ýola Rowana» hususy kärhanasynyň okuw merkezinde geçiriljek okuwa ýazylyşyk eýýäm açyk.
Ýazylmak üçin aragatnaşyk ulgamlary:
+993 65 17 05 80
+993 61 73 22 99
+993 62 10 63 33
Salgysy: Aşgabat şäheri, 14-nji tapgyr, «Asuda Asman» binasy
