«Ýolagça ýol gerek»: Awaza gitmek üçin uçar, otly ýa-da awtobus peteklerini onlaýn tertibinde sargyt edip bilersiňiz!

MilliInfo
turkmenmetbugat.gov.tm
«Ýolagça ýol gerek»: Awaza gitmek üçin uçar, otly ýa-da awtobus peteklerini onlaýn tertibinde sargyt edip bilersiňiz!

Diýarymyzyň jana şypa, derde melhem dynç alyş mesgenlerine ýekelikde ýa-da maşgala bolup syýahat etmegi döwrüň şindiki çagynda has öňräginden, ynamly meýilleşdirmek ildeşlerimiziň öz elinde. Şu günler tomusky dynç alyş möwsüminiň soňky tapgyry bolsa-da, ýurdumyzyň şypaly künjekleriniň, hususan-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary egsilenok. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümleriniň sazlaşykly işi, olaryň täze hyzmatlar toplumy dynç alşa şaýlanan watandaşlarymyza amatlyklaryň ençemesini hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.  

Paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine günde goşa otly gatnawy bar. Tomusky dynç alyş möwsüminde ýolagçylaryň yzygiderli artýandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat — Türkmenbaşy aralygynda gatnaýan 02/01 belgili ýörite tiz ýolagçy otlusynyň ýola goýlandygyny hem aýratyn bellemelidiris. Otly peteklerini www.railway.gov.tm resmi saýty we «Railway», «Saraý», «Çapar Pay» mobil goşundylary arkaly onlaýn görnüşde tiz, amatly, artykmaç aladasyz, 15 gün öňünden satyn almak mümkin.

Gözel Awaza uçarda gitmek isleýänlere hem amatly mümkinçilikler bar. Welaýatlardan Awaza barmak isleýän ýolagçylar Balkanabat Halkara howa menziline ugur alsa, paýtagtymyzdan üstaşyr gitjekler üçin gönüden-göni Türkmenbaşy Halkara howa menziline gatnawlar bar. Şeýlelikde, www.turkmenistanairlines.tm resmi saýtynda içerki we halkara gatnawlar boýunça petekleri satyn almak ýolagçylara örän uly amatlyklary döredýär.

Siz Awaza awtobusda hem gidip bilersiňiz. Munuň üçin www.auh.com.tm resmi saýtynda şäherara awtobus peteklerini 10 gün öňinçä onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar. «Şäherara petek» mobil goşundysyndan hem gerekli awtobusa petek almak mümkin.

Ýoluňyz ak bolsun, mähriban watandaşlar!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info