Paýtagtymyzda öndürilip başlanan ekotorba hususy pudagyň wekilleriniň Watanymyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyna öňdebaryjylaryň hatarynda seslenýändikleriniň nyşanyna öwrüldi.
Ajaýyp ekotorbalar brendiňizi has giňden tanatmagyňyz üçin uly mümkinçilikleri açar. Çünki torbanyň ýüzüne öz markaňyzy ýa-da isleýän belgileriňizi ýa-da şekilleriňizi çap etdirip bilersiňiz. Öndüriji bu işi tölegsiz ýerine ýetirýär. Onuň dizaýnyny hem mugt amala aşyrmagy bolsa sargyt edijiler üçin hödürlenýän ýeňillikleriň üstüni ýetirýär.
Ekologiýany goramakda diýseň möhüm ähmiýete eýe bolan torba köp gezeklik bolup, gaýtadan işlemäge degişlidir. Onuň üç ölçegdäki görnüşleri hödürlenilýär: has takygy, götermeli ýüküňize görä, 27x23x11, 27x31x11 hem-de 40x37x15 ölçeglerdäki torbalary saýlap bilersiňiz.
Torbalaryň iň kiçisi 12 kilogramlyk ýüki göterse, iň ulusy 22 kilogramlyk ýük üçin niýetlenendir.
Ýene bir bellemeli zat, sargyt edijiler islendik reňkdäki torbalary buýrup bilerler. Tebigata zyýansyz torbany näçe köp sargyt etseňiz, önümiň bahasy size şonça arzan düşer. Çünki sargyt eden torbalaryňyzyň sany 250-den geçse bir önümiň bahasy siz üçin has-da amatly bolar.
Bu ekotorbalary ýurdumyzyň islendik ýerine eltip bermek işi hem amala aşyrylýar. Eltip bermegiň Aşgabat şäheriniň çägine mugt ýerine ýetirilýändigi bolsa paýtagtly müşderiler üçin elýeterliligi kämilleşdirmek ugrundaky netijeli mümkinçilikdir.
Mundan başga-da, penjekleriň hem-de köýnekleriň, toý lybaslarynyň daşyna geýdirmek üçin ekologiýa taýdan zyýansyz örtükleriň — çehollaryň öndürilýändigini-de ýatladýarys.
Bu önümleri bellenen telefon belgileri boýunça sargyt edip bilersiňiz:
+993 65458808
Instagram: