2026-njy ýylyň başynda «YouTube» platformasynda täzelik. Platformanyň baş direktory Nil Mohan kontent döredijilere ýollan ýyllyk ýüzlenmesinde, asyl nusgadaky materiallar bilen emeli aň algoritmleriniň kömegi arkaly taýýarlanan materiallaryň arasyny tapawutlandyrmagyň kynlaşýandygyny habar berdi. Esasan hem, ýasalan sesli wideolar, «dipfeýk» (ýalan) materiallar we diňe görüş sanyny artdyrmaga gönükdirilen wideolar aýratyn gözegçilige alyndy.
Awtomatiki kanallaryň ýapylmagy başlandy
2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda platforma wideolary awtomatiki usulda döredýän kanallary öçürmäge ýa-da olaryň işini çäklendirmäge girişdi. «Kapwing» kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň dekabrynda çap edilen «Emeli aňly iň uly 100 kanal» sanawyndaky kanallaryň 16-sy eýýäm ýapyldy ýa-da olaryň mümkinçilikleri çäklendirildi. Bu kanallaryň käbiriniň köp millionlyk auditoriýasy bardy. Öçürilen kanallaryň umumy yzarlaýjylarynyň sany 30 milliondan, umumy görüş sany bolsa 2 milliarddan geçýär.
Haýsy kontentlere rugsat berilýär?
«YouTube» platformasynyň wekilleriniň takyklamagyna görä, çäklendirmeler diňe ulanyjylaryň gyzyklanmasyny emeli usulda artdyrmaga synanyşýan ýa-da awtorlyk hukuklaryny bozýan wideokontentlere degişlidir. Şol bir wagtyň özünde:
Wideomontaž;
Grafika dizaýny;
Kontentiň edebi esasyny ýazmak ýaly kömekçi işlerde emeli aň gurallaryny ulanmak gadagan däl.
Düzgün bozulmalary anyklamak üçin platformanyň spam we «klikbeýt» bilen göreşmek üçin işlenip düzülen awtomatiki gözegçilik ulgamlary peýdalanylýar.
Kompaniýa bu ugurdaky geljekki ädimleri barada jikme-jik maglumat bermedi. «YouTube» platformasynyň wekilleri moderasiýa baradaky çözgütleriň platformanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine laýyklykda kabul edilýändigini bellediler.