Yslamabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Garaşsyzlyk günleri bellenildi

MilliInfo
Yslamabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Garaşsyzlyk günleri bellenildi

Pakistanyň Yslamabat şäherindäki Lok Wirsa Halk mirasy muzeýinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günlerine bagyşlanan konsert geçirildi.

Çäre Ýewraziýa halklarynyň dostluk forumy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalary tarapyndan Pakistanyň Milli halk we däp-dessur mirasy institutynyň ýardam bermeginde guraldy. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Lok Wirsa muzeýiniň wekilleri, Pakistanyň döwlet we medeni edaralarynyň agzalary, şeýle hem jemgyýetçilik-bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýygnananlary milli baýramçylyklar bilen gutladylar. Olar öz çykyşlarynda olar halklaryň arasynda dostlugy, özara hormaty we düşünişmegi pugtalandyrmakda medeni diplomatiýanyň hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

Milli lybasly pakistanly sungat işgärleriniň Merkezi Aziýa halklarynyň we Azerbaýjanyň däp bolan tanslaryny hem-de saz eserlerini ýerine ýetirmegi konsert maksatnamasynyň ähmiýetli bölegine öwrüldi. Medeni çykyşlaryň hatarynda Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny şöhlelendirýän «Küştdepdi» tansy hem ýerine ýetirildi.

Şeýle çäräniň geçirilmegi Ýewraziýanyň medeni mirasynyň köpdürliliginiň aýdyň beýany bolup, Türkmenistan, Pakistan we sebitiň beýleki ýurtlarynyň halklarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşantdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info