Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi ýük awtoulag serişdesinde ýük daşamak üçin daşary ýurt döwletleriniň 2026-njy ýyl üçin rugsatnamalarynyň sargytnamalarynyň kabul edilýändigini mälim etdi.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, sargytnamalar 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli edara görnüşli we şahsy taraplardan kabul edilýär.
Doly maglumaty aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 126-njy jaýy.
Telefon belgileri: 39-03-36, 39-03-37.

