ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynda türkmen medeniýetiniň halkara ähmiýeti beýan edildi

MilliInfo

31 Oktýabr, 2025

Şu gün — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde dowam edýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň plenar mejlisi (umumy syýasy gepleşiklerine bagyşlanan) geçirildi. Bu ýerde Samarkantda bolýan türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi.

Ministr 40 ýyldan gowrak soň Baş konferensiýanyň ilkinji gezek Parižiň çäginden daşynda geçirilmeginiň simwoliki ähmiýete eýedigini belledi. Ol çäräniň geçiriljek ýeri hökmünde Samarkantyň — asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň, ylmyň we sungatyň çatrygy bolan şäheriň saýlanyp alynmagynyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýan ÝUNESKO-nyň ruhuny beýan edýändigini nygtady.

Ministr ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk, dünýä açyklyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Çykyşda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen medeniýet, bilim, ylym we sanly tehnologiýalar ugurlaryndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ýokary baha eýedigi bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň çäginde müňden gowrak taryhy we medeni ýadygärlikleriň bardygy, olaryň üçüsiniň — Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi aýratyn nygtaldy.

Ministr Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmaga dalaşgär hökmünde hödürlenendigini, şeýle hem ÝUNESKO-nyň «UNITWIN», «Adam we biosfera», «Dünýä ýady» we «Döredijilik şäherleriniň global ulgamy» maksatnamalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini habar berdi.

A.Şamyradow Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň parahatçylygy, özara düşünişmegi we ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmäge gönükdirilen missiýasyny durmuşa geçirmäge mundan beýläk hem işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo