ÝUNISEF çagalar hem maşgalalar üçin ajaýyp baýramçylyk çäresini guraýar. 22-nji noýabrda sagat 09:00-da paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda täsirli baýramçylyk çäresi geçirilýär.
Inklýuziw gelejegi goldamak boýunça ähmiýetli çäre Çaganyň Bütindünýä gününe gabatlanýar. Bu taslamanyň üsti bilen siz bilimiň, saglygy goraýşyň, sosial goraglylygyň, sportuň hem jemgyýetiň toplumlaýyn täsiriniň her bir çaga üçin nädereje möhümdigine göz ýetirersiňiz. Çünki görkezilen ugurlaryň sazlaşygynyň döredýän şerti çagada geljege ynam döredýär.
Bu ýerde mümkinçiligi çäkli çagalar üçin tematiki zonalar, şeýle hem tennis boýunça ussatlyk sapagy geçiriler.
Ähmiýetli çäre şol gün 12:00-a çenli dowam eder.
