20-nji iýulda — ýekşenbe güni Russiýadan başlanyp, Mongoliýanyň sebitlerine uzaýan «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň awtoulaglar kerweni günbatara tarap hereket etdi we Altaýdan häzirki Mongoliýanyň iň gadymy sebitleriniň biri bolan Howd şäherine ýetdi.
Dokuzynjy tapgyryň umumy uzynlygy 500 kilometr bolsa, onuň ýörite meýdany 280 kilometre golaýlady. Bu ugruň başy diňe bir tizligi däl, eýsem, takyklygy hem talap edýän gaýalaryň arasyndaky daşlyk ýollardan geçdi. Şondan soň ekipažlar ýoluň çäge bölegine aralaşdylar. Ýeri gelende bellesek, şeýle şertler tejribeli türgenler üçin hem uly kynçylyklary döredýär.
T2 görnüşi boýunça bäsleşýän türkmen ekipažlary bu tapgyry hem diýseň şowly jemlediler. Elbetde, umumy hasapda öňdeligi saklan Maksatmyrat Danatarow bu gezek ýörite tapgyrda käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy we birinji orna geçen ildeşimizden 21 sagat yza galdy. Daňatarowyň birinji orny elden bermegi bilen bu ýere «Ýüpek ýoly 2022» rallisiniň ýeňijisi bolmagy başaran Merdan Toýlyýewiň ekipažy geçdi. Türkmen ekipažlarynyň ýene biri — Meýlis Abdullaýewiň topary bolsa ikinji basgançaga çykdy.
Türkmen ekipažlaryna nobatdaky tapgyrda hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.