Russiýa Federasiýasynyň hem-de Mongoliýanyň çäginden uzan «Ýüpek ýoly – 2025» halkara ralli marafony tamamlandy. Çarkandakly menzillerden, dag-derelereden hem-de çöl-beýewanyň üstünden külterlenen menziller ýaryşyň has-da dartgynly geçmegini üpjün etdi.
Halkara ralli-marafonyna türkmen ekipažlarynyň üçüsi gatnaşyp, olar ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda çykyş etdiler. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň ekipažlary diýseň ýokary derejedäki çykyşlary bilen tapawutlandylar. Olar tapgyrlaryň ählisinde öňdäki üçlügi özara paýlaşdylar.
Ýaryşyň jemleýji bölegi bolan 11-nji tapgyrda Meýlis Abdyllaýew bilen Italmaz Çaryýewiň ekipažy bellenen aralygy birinji bolup geçmegi başardy. Bu topar Toýlyýewleriň ekipažyndan 48 sekunt öň geldi.
Muňa garamazdan, umumy hasapda görkezen wagty Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Munuň olaryň «Ýüpek ýoly» ady bilen geçýän şu ýaryşdaky ikinji ýeňşidigini bellemek gerek. Meýlis Abdyllaýewiň ýolbaşçylygyndaky ekipaž bu ýaryşy ikinji orunda jemledi. Maksatmyrat Daňatarowdan hem-de Didar Orazmedowdan ybarat bolan türkmen topary bolsa üçünji boldy.
Bu üstünlik türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde awtomobil sporty boýunça milli mekdebimiziň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezdi.