«Ýüpekçi» Moskwada geçiriljek «Prodexpo-2026» sergisindäki pawilýonyna çagyrýar

MilliInfo

30 Ýanwar, 2026

«Bold», «Bulvar», «7gen», «Softea», «Näzli», «Buzz» we «Real Cola» haryt nyşanly meşhur içgileri öndüriji — «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti 9–12-nji fewral aralygynda Moskwada geçiriljek «Prodexpo-2026» 33-nji halkara sergisine gatnaşar. Türkmen öndürijisi bu iri forumda özüniň alkogolsyz içgileriniň we beýleki önümleriniň giň toplumyny tanyşdyrar.

«Prodexpo» — Russiýada işewürlik üçin geçirilýän iň iri azyk önümleri sergisidir. Sergide 35-den gowrak ýurtdan takmynan 2 000 kompaniýa öz önümlerini hödürlär. «Prodexpo» sergisinde 100-den gowrak ýurtdan, takmynan 70 müň baýer (satyn alyjy) täze üpjün edijileri tapyp, satyn alyşlar boýunça ylalaşyklary baglaşýarlar.

Hödürlenjek önümleriň görnüşleri esasy azyk harytlaryndan we içgilerden başlap, delikateslere çenli, şeýle hem halal önümleri, organiki nygmatlary, sport we funksional iýmitleri, sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk önümleri hem-de ekzotik harytlary öz içine alýar.

Sergä Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan hem-de Günorta Amerikadan azyk önümlerini we içgileri öndürijiler hem-de distribýutorlar gatnaşýarlar.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda öz önümçiliginde — gazlandyrylan içgileriň senagatynda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolmak bilen, giň görnüşli ýokary hilli önümleri hödürleýän ygtybarly hyzmatdaş we üpjün ediji hökmünde özüni tanatdy.

E-poçta: info@yupekchi.com
Telefon: +99356650365

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info