«Hoshal Kids» we «Pökgi» çagalara şatlyk paýlaýar: «Ýüpekçi» HJ «Kids Expo»: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda

MilliInfo
«Hoshal Kids» we «Pökgi» çagalara şatlyk paýlaýar: «Ýüpekçi» HJ «Kids Expo»: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda

Şu gün — 19-njy awgustda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançasynda «Kids Expo»: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna badalga berildi. Ajaýyp gözden geçirilişe ýurdumyzyň «Bold», «7gen», «Softea», «Näzli», «Real» we «Bulvar» haryt nyşanly meşhur içgileri bilen uly meşhurlyk gazanan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hem özboluşly pawilýony bilen çykdy.

Netijeli işi bilen tapawutlanýan kärhana sergi-ýarmarkanyň myhmanlaryna çagalaryň söýgüsini gazanan ajaýyp içgilerini hödürledi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň giň gerimli gözden geçirilişdäki diwarlygyny çagalar üçin öndürýän «Hoshal Kids» we «Pökgi» atly miwe şireleriniň bezemegi pawilýonyň täsirliligini artdyrdy. Mundan başga-da, bu ýerde kompaniýanyň «Buzz» atly sowuk çaýynyň täzelenen dizaýny görkezildi. Talyplar hem-de mekdep okuwçylary tarapyndan söýlüp içilýän önümiň redizaýny serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki bu önüm ýurdumyzyň howa şertlerinde iň bir islegli içgileriň biri hökmünde tanalýar.

Ýeri gelende bellesek, «Ýüpekçi» kompaniýasy «Buzz» haryt nyşanly gara çaýyny we içgilerini hödürleýär. 

«Ýüpekçiniň» çagalar üçin oýun burçuny döretmegi bolsa kärhananyň pawilýonyny gözden geçirilişiň iň bir gelim-gidimli nokadyna öwürdi. Bu ýerde hödürlenýän oýunlarda ýeňiji bolan oglanjyklara hem-de gyzjagazlara bolsa kompaniýanyň sowgatlary gowşuryldy. Şeýlelikde, täsirli bäsleşikler çagalaryň ýüzlerinde ýylgyryş döretdi we olaryň şatlygyny artdyrdy. 

Siz hem sergi-ýarmarkanyň 38-nji belgili diwarlygyna gelip, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleri bilen ýakyndan tanşyň we wagtyňyzy hoş geçiriň! «Kids Expo»: Ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy 22-nji awgustda tamamlanýar.

E-poçta: info@yupekchi.com

Telefon: +99356650365

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info