Şu gün — 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu giň gerimli forumyň baýramçylyk ekspozisiýasyna alkogolsyz içgileri öndürýän öňdebaryjy ýerli kärhanalaryň biri bolan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhananyň diwarlygynda uly isleg bildirilýän önümleriň giň toplumy görkezilýär. Sergä gelenler müşderileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan «Bold», «Softea», «Real» we golaýda täzelenen dizaýny bilen hödürlenip, alyjylar tarapyndan ykrar edilen «Buzz» ýaly söwda markalary bilen tanşyp bilerler.
«Ýüpekçi» HJ-niň ýylyň esasy ykdysady gözden geçirilişe gatnaşmagy ýurdumyzyň azyk senagatynyň okgunly ösüşini we importyň ornuny tutýan önümçilik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Kärhananyň öndürýän önümleri diňe bir hiliň we ekologik howpsuzlygyň ýokary dünýä standartlaryna laýyk gelmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, brendiň esasy ýörelgesini — adamlara her pursatda serginlediji tagamy, şatlygy we saglygy peşgeş bermek wezipesini özünde jemleýär.
«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň pawilýonyna geliň we söýgüli içgileriňiziň täze görnüşleri bilen tanyş boluň!
Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabra çenli (şol gün hem degişli) dowam eder.
