«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Moskwada geçýän «Prodexpo-2026» halkara sergisine diýseň täsirli pawilýony bilen çykdy

MilliInfo

Şu gün — 9-njy fewralda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde «Prodexpo-2026» diýen at bilen iýmit önümleriniň, içgileriň hem-de azyk senagaty üçin zerur çig mallaryň 33-nji halkara sergisi başlandy. Ajaýyp sergide ýurdumyzyň «Bold», «7gen», «Softea», «Näzli», we «Real Cola» haryt nyşanly meşhur içgileri bilen uly meşhurlyk gazanan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň pawilýony aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. «Ýüpekçi» bu ýerde forumyň myhmanlaryny özüniň täze önümleri bolan «Bold Zero» hem-de «Bold Blueberry» gazlandyrylan içgileri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhana iri forumda gazlandyrylan içgileriniň, sowuk çaýlarynyň, miwe şireleriniň we beýleki önümleriniň giň toplumyny hödürledi.

Sergä Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan hem-de Günorta Amerikadan azyk önümlerini we içgileri öndürijiler hem-de olaryň resmi wekilleri gatnaşýarlar. 37 ýurtdan 2 müňden gowrak kompaniýanyň mümkinçiliklerini bir meýdançada jemlän sergä gatnaşyjylar «Ýüpekçiniň» lezzetli önümleriniň hiline ýokary baha berdiler. Pawilýondaky uly monitorda ýerleşdirilen «Bold» haryt nyşanly ajaýyp içginiň metal gapda hödürlenýän görnüşiniň dürli reňkler bilen bezelen äpet şekili myhmanlarda türkmen önümine gyzyklanma döretdi. Munuň özi türkmen kärhanasynyň diwarlygynyň has-da täsirli görünmegini üpjün etdi.  

Ýeri gelende bellesek, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda öz önümçiliginde — gazlandyrylan içgileriň senagatynda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolmak bilen, giň görnüşli ýokary hilli önümleri hödürleýän ygtybarly hyzmatdaş we üpjün ediji tarap hökmünde özüni tanatdy.

Azyk harytlaryndan we içgilerden başlap, halal önümleriň, organiki nygmatlaryň, sport we funksional iýmitleriň, sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk önümleriň hem-de ekzotik harytlaryň ençeme görnüşini öz içine alýan halkara forum «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň eksport geografiýasyny has-da giňeltmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki bu ýerde «Türkmenistanda öndürilen» ajaýyp içgilere isleg diýseň uly boldy. Şunlukda, giň gerimli sergi «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň has netijeli hyzmatdaşlary tapmagynda, onuň gaýtalanmajak tagamy bilen tapawutlanýan ajaýyp içgileriniň hem-de beýleki önümleriniň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagynda täze sahypany açar.

«Prodexpo-2026» halkara sergisi 12-nji fewrala çenli dowam eder.

E-poçta: info@yupekchi.com

Telefon: +99356650365

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info