5-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.
Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň ýetip gelýän Täze ýyl baýramyny ýokary derejede bellemegi, baýramçylygy ruhubelentlik bilen garşylamagy hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilýändiginiň beýanydyr.
Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
