Ýurdumyzda at çapyşyklarynyň güýzki möwsümine badalga berildi

MilliInfo

2 sagat öň

Ýurdumyzda at çapyşyklarynyň güýzki möwsümine badalga berildi

Düýn — 13-nji sentýabrda paýtagtymyzda at çapyşyklarynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Çapyşyklaryň netijeleri aýlawdaky bäsleşigiň gyzgalaňly bolandygyny görkezdi. Dürli aralyklara geçirilen 11 çapyşygyň her birinde ýyndamlygy bilen tapawutlanan bedewler ýeňiş gazandy. 1 müň 400 metr aralyga geçirilen ilkinji çapyşykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Ýelmar II pellehana ilkinji bolup geldi. Şol aralyga geçirilen ikinji çapyşykda B.Handurdyýewiň eýeçiligindäki Ulydag ýeňiş gazandy. Üçünji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimliginiň eýeçiligindäki Älemgoşar diýen dor gysrak ýeňiş gazanyp, ilkinji ýeňişleriň hataryny dowam etdirdi.

Aýlawdaky bäsleşigiň aralygy uzaldygyça, bedewlerden talap edilýän çydamlylyk hem has aýdyň duýuldy. 1 müň 600 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bellidag atly gyr at ýeňiş gazandy. Şol aralykdaky bäşinji çapyşykda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kanal atly akýal mele at pellehana birinji bolup geldi.

1 müň 800 metrlik çapyşyklarda bolsa aýlawdaky çekeleşik has-da dartgynly dowam etdi. Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Bakgara atly gara gysragy ýeňiji boldy. Ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Täsin diýen mele at bellenilen aralygy 2 minut 13,5 sekuntda geçip, ýeňşe ýaran boldy. Sekizinji çapyşykda bolsa birinji orny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gaplaň II diýen dor aty eýeledi. Ýaryşyň dokuzynjy çapyşygynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Garajagaýa atly gara aty öňe saýlandy.

Aýlawyň 2 müň metrlik çapyşyklarynda hem bedewleriň çydamlylygy we yhlasy öz beýanyny tapdy. Onunjy çapyşykda I.Handurdyýewiň eýeçiligindäki Garaguş atly gara at 2 minut 22,2 sekunt netije bilen birinji ýeri eýeledi. Möwsümiň ilkinji günündäki iň soňky, on birinji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen diýen akýal mele at ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, güýzki möwsümiň ilkinji çapyşyklary örän täsirli hem çekeleşikli geçdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info