Ýurdumyzda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

MilliInfo

Watanymyzda geçiriljek Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasy ähmiýetli çäreleriň birnäçesini özünde jemlär. Şeýlelikde, 5—7-nji iýun aralygynda Aşgabat hem Arkadag şäherlerinde kinofilmleriň görkezilişleri, konsertler, sergiler hem-de ylmy maslahat geçiriler.

Geliň, Medeniýet günleriniň maksatnamasy bilen dolulygyna tanşalyň:

5-nji iýun

  • «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan kinofilmleriniň görkezilişi bolar: «Tagiýew: Nebit» (sagat 10:00-da) we «Jennet hakynda arzuw» (13:00-da).

  • 15:00-da Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň dürdänesi» atly serginiň açylyşy bolar.

  • 17:30-da Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy başlanar.

6-njy iýun

  • Arkadag şäheriniň kitaphanasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ylym wekilleriniň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azadynyň we Seýit Azym Şirwaniniň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler.

  • 16:00-da Arkadag şäheriniň muzeýinde «Azerbaýjan — obýektiwden taryha» atly fotosergi açylar.

  • 18:00-da Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.

 7-nji iýun

  • 10:00-da «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan çeper filmi — «Arşyn mal alan» görkeziler. Sagat 13:00-da bolsa «Ene toprak» filminiň görkezilişi bolar.

  • 16:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň we Molla Penah Wagypyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler.

  • 19:00-da Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info