«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalar bilen taryha ýazylýan günlerinde eziz Diýarymyzda tylla güýzüň ilkinji güni, ýagny 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem uly ruhubelentlikde bellenildi. Bu barada «Watan» elektron gazeti habar berdi.
Şanly sene mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda, Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Munuň özi 2026-2027-nji okuw ýylynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýatdan çykmajak ajaýyp sowgat boldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň binalardyr desgalarynyň ählisiniň şekil taslamalarynyň bu ýokary okuw mekdebiň halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda zehinli talyplar hem-de hünärmenler tarapyndan amala aşyrylandygy aýratyn bellenilmäge mynasyp. TDBGI-niň täze binalar toplumy institutyň baş binasyny, okuw, durmuş maksatly binalary, mejlisler zalydyr kitaphanany, naharhanany, sergiler we okuw-önümçilik merkezini, sport toplumyny hem-de mugallymlardyr aspirantlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir binanyň özboluşly binagärlik keşbinde gurulmagyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda TDBGI-niň täze binalar toplumy hem ajaýyp keşbe eýe. Baş binanyň daşky bezeginde binagärleriň esasy gurallarynyň biri bolan sirkulyň hem-de ýük göteriji ulagyň keşbiniň ýerleşdirilmegi onuň gurluşykçylara mahsusdygyny aňladýar. Toplumda birnäçe geometrik göwrümleriň özara sazlaşmagy, milli nagyşlarymyzyň ulanylmagy binadyr desgalara owadan görnüş berýär. Şol bir wagtyň özünde binalaryň ählisinde sanly ulgamyň ornaşdyrylandygyny nygtamak gerek.
Şeýle hem, ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap mümkinçiliklerini özünde jemleýän TDBGI-niň täze binalar toplumyna «Cert Academy Grup» hususy kärhanasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, «Pearson VUE» kompaniýasynyň halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy bolsa onuň dünýä ülňülerine doly derejede laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we onuň aýrylmaz bölegi bolan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde-de ýurdumyzyň ähli pudaklaryna döwrebap innowasiýalar, dünýäniň iň ösen döwletlerinde öndürilen ýokary derejeli, kuwwatly tehnikalardyr tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýle enjamlardan sowatly baş alyp çykýan, inžener-tehniki meseleler boýunça netijeli çözgütleri kabul edip bilýän hünärmenleri taýýarlamak bolsa döwrümiziň we döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
