Gümrük ulgamyndaky sanly özgertmeler boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

MilliInfo

8 sagat öň

Gümrük ulgamyndaky sanly özgertmeler boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezinde gibrid görnüşde «Gümrükde sanly özgertmeler: maglumatlaryň utgaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlary, maglumatlary seljermek hem-de awtomatlaşdyrmak işinde emeli aňy ulanmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň, Sebitleýin okuw merkeziniň, Aşgabat şäher we Ahal welaýat gümrükhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BGG-nyň Ýewropa sebiti boýunça Mümkinçilikleri ýokarlandyryş sebitleýin edarasynyň wekili Haji Hajiýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň bilermeni Ýusif Usubow, BGG Sekretariatynyň wekilleri Dimitris Politopulos we doktor Tong Hua, şeýle-de Ýewropadaky sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda sanly özgertmeleriň häzirki zaman ugurlary, «Akylly gümrük» (Smart Customs) konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi, maglumatlary seljermek, töwekgelçilikleri dolandyrmak we awtomatlaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara bilermenler maglumatlaryň analitiki işlenilmeginde, töwekgelçilikleri awtomatiki kesgitlemekde maşynly okuw algoritmleriniň we emeli aň modelleriniň ulanylmagy boýunça tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem türkmen hünärmenleri gümrük amallaryna sanly ulgamlary we emeli aň esasly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça milli tejribeleri hem-de gazanylan netijeleri barada çykyş etdiler.

Okuwyň jemleýji tapgyrynda geçirilen tegelek stoluň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işi bilen hem tanyşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info