Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen çapyşyklaryň 10-sy hem gyzgalaňly boldy. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gülşadym atly at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Çapyşyklaryň ikinjisinde Owadangyz diýen at ýeňiji boldy. Üçünji çapyşykda Gaýaguş diýen dor at, dördünji çapyşykda bolsa Şöhle atly çakan gysrak ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäşinji çapyşygyň ýeňijisi Ýelpaý atly dor gysrak, altynjy çapyşygyňky bolsa Kerwen atly bedew boldy. Ýedinji çapyşygyň ilkinji ornuny bolsa Bakgara atly gara at eýeledi. Bedewlerden we olaryň çapyksuwarlaryndan ýokary ussatlygy talap eden sekizinji çapyşyk Gadagan diýen dor atyň ýeňşi bilen tamamlandy. 2200 metr aralyga ula giden dokuzynjy çapyşygyň netijeleri boýunça Gyrat atly bedew öňe saýlandy. Jemleýji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Begzada atly dor at ýokary derejede ýyndamlygyny görkezip, pellehanadan birinji bolup geçdi.
Balkan atçylyk sport toplumynda guralan at çapyşygynda 1200 metr aralykdan 1800 metr aralyga çenli ýaryşlaryň jemi 5-si guraldy. Balkan atçylyk sport toplumynyň 3 müň orunlyk münberini dolduryp oturan janköýerler bolsa gamyşgulak bedewlerimiziň her bir çapyşygyna uly şowhun bilen tomaşa etdiler.
Gyzykly geçen çapyşyklaryň birinjisinde ikiýaşar atlaryň 6-sy 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Üçgözel atly at ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda bolsa üçýaşar bedewleriň 6-sy 1200 metr aralyga güýç synanyşyp, onda Bagyrgözeli atly at birinji orny eýeledi. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlaryň 6-sy gatnaşyp, onda Ýürekdeş diýen dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda dört we ondan uly ýaşar atlaryň 7-si 1800 metr aralyk boýunça aýlawa goýberildi. Bu çapyşykda Bereket atly al at bäsdeşlerinden üstün çykmagyň hötdesinden geldi. Jemleýji çapyşyga dört we ondan uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda bolsa Sowgat diýen gara at pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy.
Lebap atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky çapyşyklar hem iň ýyndam bedewleri öňe saýlady. Bu gezek bedewler 1200 metr aralyga bäş tapgyrda pellehana ugradylar. Günüň ilkinji çapyşygynda Gülälek atly bedew ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda bolsa Gudrat diýen dor at ýeňiji diýlip yglan edildi. Üçünji çapyşykda Goşun atly at ýeňşini baýram etdi. Dördünji çapyşykda bolsa Köpel atly dor at, jemleýji çapyşykda bolsa Aýnäzik atly dor gysrak ýeňiş gazandy.
Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky at çapyşygy myhmanlara şatlyk-şowhun paýlady. Bu tapgyra ýyndam bedewleriň 30-dan gowragy gatnaşdyryldy. Çapyşygyň dört tapgyry 1000 — 1200 metr aralygynda geçirilip, olaryň her birine bedewleriň 6-sy gatnaşdy. Juda çekeleşikli geçen dört çapyşykda ezber çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çapyşygyň bäşinji tapgyrynda bedewler 1400 metr aralyga ýaryşdylar. Aýly Ýegşemowyň hojalygyna degişli Aýdyňly atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Belli atşynas Paltabaý Ýegşemowyň seýislän bedewi bu aralygy 1 minut 46,5 sekuntda geçip, at çapyşygynyň nobatdaky tapgyrynyň ýeňijisi boldy.
Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşyklary hem täsirli wakalara baý boldy. Birinji çapyşyga goşulan ikiýaşar atlar 1000 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Mary döwlet athanasyna degişli bolan Tarlaň diýen at pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Ikinji çapyşykda Garadaş atly bedew ýeňiji bolup, bäsdeşlerinden üstün çykdy. Üçünji çapyşyk täsirliligi bilen tapawutlandy. Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli bolan Keýmir atly bedew pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan diýen gara at öňdeligi elden bermän, ýeňşini baýram etdi. Jemleýji bäşinji çapyşyk hem çekeleşikli boldy. Onda R.Läliýewiň hojalygyna degişli Toýçy diýen mele at beýleki bedewlerden tapawutly çapdy we ýeňiji bolmagy başardy.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde guralan at çapyşyklarynda baýrakly orunlara eýe bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
