Ahyrsoňy ýurdumyza gyş günlerine mahsus sowuk howa aralaşdy. Howanyň sowap başlamagy bilen gyşyň gelendigi, eýýäm garagyş diýilýän döwrüň yzda galandygy äşgär duýuldy. Birnäçe günläp dowam eden maýyl howanyň, güneşli günleriň ornuny ümüriň, ýuwaşlyk bilen çisňeýän ygalyň eýelemegi, hakykatdan hem, uly çilläniň gelendiginiň nyşany boldy.
Uly çillede bolsa gyşyň iň sowuk günleriniň bellige alynmagy tebigy ýagdaýdyr. Munuň özi oba hojalygynda hem möhüm möwsüm hasaplanýar. Çünki şu döwrüň ýagyşly, garly, çygly hem sowuk gelmegi ýylyň hasylly boljakdygynyň alamaty hasaplanýar. «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz» diýlişi ýaly, möwsümiň çygly bolmagy ýylyň bereketli boljakdygynyň buşlukçysydyr.
Ata-babalarymyzyň «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýşi ýaly, goý, gyşymyz gyşa, ýazymyz ýaza meňzesin!