Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly galp mahabatyň ulanylmagy üçin jerimeler bellener

MilliInfo

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 11-nji aprelinde gol çeken «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň resmi metbugatynda çap edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň görnetin galp mahabat boýunça jogapkärçiligi utgaşdyrýan 312-nji maddasyna hem üýtgeşmeler girizildi.

Ozal bu maddada harytlar, işler ýa-da hyzmatlar babatdaky, şeýle hem olary taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) hakyndaky mahabatyň betnebislik bähbitlerinden ugur alnyp, görnetin galp maglumatyň peýdalanylаndygy boýunça jogapkärçilik göz öňünde tutulýardy. Indi bolsa şeýle etmişiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ýa-da maglumat-telekommunikasiýa toruny peýdalanmak bilen edilmegine hem jerimeler belleniler.

Şeýle ýagdaý fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň otuzysyndan ellisine, wezipeli adamlara – kyrkysyndan altmyşysyna, ýuridiki şahslara – ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna getirip bilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info