Akgaýa atly alabaý «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

MilliInfo

26 Oktýabr, 2026

Akgaýa atly alabaý «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

25-nji oktýabrda — ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, muzeý işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerini hem-de türkmen alabaý itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, fotosuratlarda çeper beýan edýän Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi-pawilýonlary ýaýbaňlandyryldy.

...Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Synlaýyş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden saýlanyp alnan iň gowy alabaýlaryň 10-usy çykaryldy.

Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar tomaşaçylara eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daş keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy alabaýy päsgelçiliklerden geçmäge gönükdirmekde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar.

Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Aşgabat şäherinden hususy itşynas A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Dabaranyň dowamynda türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň hem-de teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

  • Bäsleşigiň haly eserini döretmek ugry boýunça «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A.Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly haly eseri bilen ýeňiji boldy.

  • Döredijilik bäsleşiginiň surat eseri ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby S.Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi.

  • Bäsleşikde heýkel eseri ugry boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby B.Batyrowa özüniň taýýarlan «Alabaýyň waspy» atly işi bilen ýeňiji boldy.

  • Neşir önümi ugry boýunça ýene-de şol akademiýanyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň üçünji ýyl talyby Y.Ýaýlimow türkmen alabaýynyň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi üçin ýeňiji diýlip yglan edildi.

  • Döredijilik bäsleşiginde teleoperatorlaryň taýýarlan wideoşekilleri seljerilende, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy N.Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» ady bilen taýýarlan wideoşekilleri bilen ýeňiji boldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şeýlelikde, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlara döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info