Dänewde we Etrekde boş iş orunlary hödürleniler

MilliInfo

21 sagat öň

Dänewde we Etrekde boş iş orunlary hödürleniler

Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 28-nji oktýabrda Dänew etrabynyň H.Babakulyýew köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Parahat oba medeniýet öýüniň edara binasynda sagat 10:00 — 12:00 aralygynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär.

Habarlaşmak üçin:

  (800446) 3-19-49.

***

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi bolsa 2-nji noýabrda Etrek etrabynyň Etrek şäheriniň Magtymguly köçesiniň 34-nji jaýynda ýerleşýän Etrek etrap häkimliginiň mejlisler zalynda sagat 10:00 — 12:00 aralygynda şeýle çäräni guraýar.

Habarlaşmak üçin:

  (800242) 4-09-10.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärä özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyr. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info