Ýurdumyzyň etraplarynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri guralýar

MilliInfo

27 Awgust, 2026

Ýurdumyzyň etraplarynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri guralýar

Mary welaýatynyň Oguzhan, Murgap hem Garagum etraplarynda we Baýramaly şäherinde, şeýle-de Lebabyň Türkmenabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri guralýar.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärelere boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidirler.

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky şeýle çäre 11-nji sentýabrda etrabyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary köçesiniň 52-nji jaýynda ýerleşýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň Medeniýet köşgüniň binasynda sagat 09:00 — 12:00 aralygynda geçiriler.

Habarlaşmak üçin: 800559 6-58-78

***

Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi bolsa boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini 2-nji sentýabrda etrabyň Ýagty ýol şäherçesiniň Atabaýew köçesiniň 7-nji jaýynda ýerleşýän Garagum etrap bilim bölüminiň 23-nji orta mekdebiniň edara binasynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli aralykda guraýar.

Habarlaşmak üçin: 800557 4-02-36; 800557 4-02-37

***

1-nji sentýabrda Baýramaly şäheriniň şeýle çäresi geçiriler. Şeýlelikde, boş iş orunlaryny ilata hödürlemegiň şäheriň Soltan Sanjar köçesiniň 21-nji jaýynda ýerleşýän Baýramaly şäher medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda guralýandygy habar berilýär. 

Habarlaşmak üçin: 800564 6-93-45; 800564 6-93-46.

***

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi bolsa etrabyň ýaşaýjylaryny 1-nji sentýabrda etrabyň Gökdepe geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň 5-nji jaýynda ýerleşýän etrap medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli aralykda geçiriljek boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresine çagyrýar.

Habarlaşmak üçin: 800565 4-51-94; 800565 4-51-95.

***

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şeýle çäräni 1-nji sentýabrda şäheriň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00 – 12:00 aralygynda guraýar.

Habarlaşmak üçin:

(800422) 3-17-28.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info