Ýurdumyzyň futbol çempionaty: «Ahal» we «Altyn Asyr» nobatdaky üç utugyny gazandy

MilliInfo

14 Sentýabr, 2026

Ýurdumyzyň futbol çempionaty: «Ahal» we «Altyn Asyr» nobatdaky üç utugyny gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

20-nji tapgyryň duşuşyklary:

12.09.2026ý. (şenbe)

  •  «Merw» – «Köpetdag» 0-0

 

  • «Ahal» – «Nebitçi» 3-0

Gollar: 61,74 Ýakupmuhammet Gowşudow, 85 Enwer Annaýew («Ahal»)

 

  • «Altyn Asyr» – «Şagadam» 2-0

Gollar: 21 Begençmyrat Myradow, 90+3 Mekan Aşyrow («Altyn Asyr»)

Tapgyryň oýunlaryndan soň 60 utugy (20 duşuşykda) bolan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde öňdeligi elden bermeýär. «Ahal» 39 utuk (19 oýun) bilen ikinji orny eýelese, 38 utuk (18 duşuşyk) jemlän «Altyn Asyr» öňdäki üçlügi jemleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info