Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy başlanýar

MilliInfo

21 Iyul, 2025

tff.com.tm

Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan pursatlary ýakynlaýar. 3-nji awgustda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy başlanýar. Şol gün 20-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy guralyp, «Arkadag» we «Aşgabat» toparlary ýaşyl meýdançada güýç synanyşarlar. 7-nji hem-de 8-nji awgustda bolsa üçünji aýlawyň badalgasy bolan 15-nji tapgyryň duşuşyklary guralar.

Häzirki wagtda çempionatyň iki aýlawynyň jemi boýunça 42 utuk bilen «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. «Ahal» 28 utuk bilen ikinji, «Altyn Asyr» hem-de «Şagadam» toparlary 25 utukdan toplap üçünji, dördünji orunlary paýlaşýarlar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň senenamasy:

XV tapgyr:

  • Oýun 57.      «Ahal» – «Nebitçi» duşuşyk geçirilen

  • Oýun 58.      7-nji awgust (pe.)  «Arkadag» – «Köpetdag»  

  • Oýun 59.      7-nji awgust (pe.)  «Şagadam» – «Merw»

  • Oýun 60.      8-nji awgust (an.)  «Altyn Asyr» – «Aşgabat»

XVI tapgyr:

  • Oýun 61.       «Arkadag» – «Ahal»   duşuşyk geçirilen

  • Oýun 62.      11-nji awgust (du.)         «Köpetdag» – «Merw»

  • Oýun 63.      11-nji awgust (du.)         «Nebitçi» – «Altyn Asyr»

  • Oýun 64.      11-nji awgust (du.)         «Aşgabat» – «Şagadam»

XVII tapgyr:

  • Oýun 65.      15-nji awgust (an.) «Merw» – «Aşgabat»

  • Oýun 66.      15-nji awgust (an.) «Şagadam» – «Nebitçi»

  • Oýun 67.      15-nji awgust (an.) «Altyn Asyr» – «Arkadag»

  • Oýun 68.      «Ahal» – «Köpetdag» duşuşyk geçirilen

XVIII tapgyr:

  • Oýun 69.      19-njy awgust (si.) «Arkadag» – «Şagadam»

  • Oýun 70.      19-njy awgust (si.) «Köpetdag» – «Aşgabat»  

  • Oýun 71.      19-njy awgust (si.) «Nebitçi» – «Merw»

  • Oýun 72.      20-nji awgust (ça.) «Ahal» – «Altyn Asyr»

23.08.2025ý. (şe.) ätiýaç güni;

XIX tapgyr:

  • Oýun 73.      13-nji sentýabr (şe.)        «Şagadam» – «Ahal»

  • Oýun 74.      13-nji sentýabr (şe.)        «Aşgabat» – «Nebitçi»

  • Oýun 75.      13-nji sentýabr (şe.)        «Altyn Asyr» – «Köpetdag» 

  • Oýun 76.      13-nji sentýabr (şe.)        «Merw» – «Arkadag»

XX tapgyr:

  • Oýun 77.      17-nji sentýabr (ça.)        «Ahal» – «Merw»

  • Oýun 78.      17-nji sentýabr (ça.)        «Köpetdag» – «Nebitçi»

  • Oýun 79.      18-nji sentýabr (pe.)       «Altyn Asyr» – «Şagadam»

  • Oýun 80.      «Arkadag» – «Aşgabat»  duşuşyk geçirilen

XXI tapgyr:

  • Oýun 81.      22-nji sentýabr (du.)       «Şagadam» – «Köpetdag»

  • Oýun 82.      22-nji sentýabr (du.)       «Merw» – «Altyn Asyr»

  • Oýun 83.      22-nji sentýabr (du.)       «Aşgabat» – «Ahal»

  • Oýun 84.      22-nji sentýabr (du.)       «Nebitçi» – «Arkadag»

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo