Türkmenistanyň gandbolçy gyzlary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «IHF Nations Trophy — 2026» halkara ýaryşynda ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Halkara Gandbol federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň zenanlar ýygyndylary gatnaşdylar. Aziýanyň üçünji zolagynyň ýurtlaryny birleşdiren ýaryşda toparlar aýlaw usulynda güýç synanyşdylar. Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşygyň üçüsini ýeňiş bilen tamamlap, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Biziň ildeşlerimiz ilkinji duşuşykda Pakistanyň ýygyndysyny 38:19 hasabynda ýeňdiler. Ikinji duşuşykda bolsa gyrgyzystanly gandbolçylardan 47:18 hasabynda üstün çykdylar. Bu duşuşykda Kristina Bondarenko 8, Milena Babaçenko 7, Arzuw Atahanowa 6 pökgi geçirip tapawutlandylar. Üçünji duşuşykda Täjigistanyň ýygyndysyny 40:14 hasabynda ýeňen türgenlerimizden Mariýa Zaplatnaýa 11, Arzuw Atahanowa bolsa 8 pökgi geçirdi. Şeýlelikde, türkmen gandbolçylary ilkinji üç duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesinden 125 pökgi geçirdiler.
Ýaryşyň iň dartgynly duşuşygy Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirildi. Birinji ýarymy 10:8 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanan duşuşykda türkmen gandbolçylary tutanýerli oýun görkezdiler. Netijede, Özbegistanyň ýygyndysy 21:16 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeri gelende bellesek, ýer eýeleri beýleki garşydaşlaryny azyndan 26 pökgi tapawut bilen ýeňipdiler. Diňe türkmenistanly türgenler bilen duşuşykda bu tapawut bäş pökgi boldy.
Ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşykda 141 pökgi geçirip, öz derwezesine 72 pökgi goýberdi. Şeýlelikde, pökgüleriň tapawudy 69-a deň boldy. Dört ýeňiş gazanan Özbegistan birinji, iki ýeňişli Pakistan üçünji orny eýeledi.
Halkara ýaryşlarda gazanylýan şeýle netijeler türgenlerimiziň tejribesini baýlaşdyryp, olaryň öz güýçlerine bolan ynamyny artdyrýar.
