Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Emeli aň boýunça Bütinrussiýa olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

MilliInfo
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Emeli aň boýunça Bütinrussiýa olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Russiýanyň Magaryf ministrligi türkmenistanly mekdep okuwçylaryny Emeli aň boýunça Bütinrussiýa olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada «Kosmos ulgamy üçin emeli aň tehnologiýalary» mowzugy astynda geçer. Emeli aň boýunça Bütinrussiýa olimpiadasy 2021-nji ýyldan bäri «Maglumatlar ykdysadyýeti we döwletiň sanly özgerişi» milli taslamasynyň «Emeli aň» federal taslamasynyň çäklerinde 8-11-nji synp okuwçylary üçin her ýyl geçirilip gelinýär. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýi habar berdi.

Olimpiada 2025-nji ýylda halkara derejesine çykdy we oňa 26 ýurduň, şol sanda Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Kipriň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň okuwçylary gatnaşdy.

Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň netijeleri boýunça halkara ugrunyň ýeňijileri we baýrakçylary Gazagystan Respublikasynyň okuwçylary boldy.

Olimpiadanyň tapgyrlary:

1.     Taýýarlyk tapgyry: 1-nji iýul – 21-nji sentýabr

2.     Saýlama tapgyryna hasaba alyş: 7-nji sentýabr – 6-njy oktýabr

3.     Saýlama tapgyry: 21-nji sentýabr – 6-njy oktýabr

4.     Esasy tapgyr: 15–21-nji oktýabr

5.     Jemleýji tapgyr: 16–20-nji noýabr

Üns beriň! Jemleýji tapgyrdan beýleki tapgyrlaryň ählisi onlaýn (internet arkaly) tertibinde geçirilýär.

Jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň we olary ugradýan adamlaryň ýol hem-de ýaşaýyş çykdajylary dolulygyna olimpiadanyň guramaçylary tarapyndan tölenilýär.

Jemleýji tapgyryň gatnaşyjylary üçin IT-kompaniýalara gezelençler we ylmy hyzmatdaşlaryň emeli aň hem-de maşyn arkaly öwreniş pudagyndaky gazananlary bilen tanyşmak üçin umumy sapaklar guralýar.

Saýlama, esasy we jemleýji tapgyrlaryň şowly gatnaşyjylarynyň halypalary elektron sertifikatlara (3, 2 we 1-nji derejeli), ýeňijileri we baýrakçylary taýýarlan mugallymlar bolsa Russiýanyň Magaryf ministrliginiň minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolarlar.

Ýeňijiler we baýrakçylar ýokary okuw mekdeplere girenlerinde ýeňilliklere eýe bolarlar.

Hasaba alyş: https://ai.edu.gov.ru/

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info