Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşikleriniň 420, talyplar bolsa 335 medalyna eýe boldular

MilliInfo

4 Oktýabr, 2025

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 420, talyplar bolsa 335 medalyna eýe boldular. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň şu ýylyň dokuz aýynda amala amala aşyrylan işler boýunça beren hasabatynda beýan edildi.

Şunda mekdep okuwçylary 136 altyn, 156 kümüş, 128 bürünç, talyplar bolsa 62 altyn, 109 kümüş, 164 bürünç medallary gazandylar.

Bellenen döwürde ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. 1-nji synpa gadam basan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat hökmünde gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Mundan başga-da, hasabat döwründe orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli saglygy goraýyş ulgamyny, sporty mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işlere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo