S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek boýunça bilim alýan talyplary Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligini geçmek maksady bilen okuw saparynda boldular. Olar «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasynyň Ýewropadaky önümçilik kärhanalarynda öndürilýän döwrebap tehnikalary bilen tanyşdylar.
Ildeşlerimiz Mangeým şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň traktor öndürýän kärhanasynyň «John Deere forum» merkezinde guralan okuwlara gatnaşdylar. Olarda kompaniýanyň döreýiş taryhy, ösüş tapgyrlary we gazanan üstünlikleri, hususan-da, Mangeýmdäki traktor öndürýän kärhanasynyň taryhy, ýeten derejeleridir meýilleşdirýän işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.
Soňra kärhananyň önümçilik binalar toplumynda onuň tehniki we tehnologik mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Kärhanada 6110M, 6120M, 6130M, 6140M, 6145M, 6155M, 6175M, 6195M hem-de ýokary derejeli 6170R, 6190R, 6210, 6250R hem-de 6R250 kysymly traktorlar öndürilýär. Kärhananyň ýene bir aýratynlygy müşderileriň islegi boýunça hem önümçilik mümkinçilikleriniň bardygydyr. Talyp ýaşlarymyz tanyşlygyň dowamynda iň ownuk şaýlardan başlap taýýar traktora çenli ähli önümçilik zynjyryny synladylar. Ýokary derejede awtomatlaşdyrylan bölümlerde işleriň köp bölegini robotlar we ýörite maşynlar ýerine ýetirýär.
Wekiliýet agzalary Bruhzal şäherinde ýerleşen kabinalary öndürýän kärhana baryp gördüler. Soňra kärhananyň ätiýaçlyk şaýlar ammary bilen tanyşdylar. Bu ýerde kompaniýanyň öndürýän islendik görnüşli tehnikalarynyň 75 göterimine hyzmat etmäge mümkinçiligiň bardygyna, ýerlerdäki şahamçalardan sargytlary kabul etmegiň hem-de ugratmagyň sanly ulgam arkaly guramaçylykly ýola goýlandygyna göz ýetirdiler.
Saparyň çäginde kompaniýanyň Kaýzerslautern şäherinde ýerleşen Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine hem barlyp görüldi. Bu merkeziň kompaniýanyň täzelikleriniň, açyşlarynyň we öňdebaryjy innowasiýalarynyň çeşmesidigini hünärmenler aýratyn bellediler. Bu ýerde oba hojalyk işlerini meýilleşdirmäge niýetlenen «Work Planner» programmasynyň aýratynlyklary barada tälim beriş okuwy geçirildi.
Soňra maslahat zalynda kompaniýanyň hünärmenleriniň hem-de «IPC (International Progress Consult) Agri» bilelikdäki kärhanasynyň okuw we tehniki goldaw boýunça menejeriniň gatnaşmagynda oba hojalyk tehnikalarynda, enjamlarynda sanly elektron dolandyryş ulgamyny talyplara öwretmegiň usulyýeti barada özara pikir alşyldy.
Okuw saparynda Mýunhwaýler-an-der-Alzens şäherinde ýerleşýän Maldarçylyk okuw-tejribe merkezine gezelenç guraldy. Talyplar bu ýerde golşteýn tohumly iri şahly mallaryň ýetişdirilişi, olaryň kesellerine garşy göreşmek üçin görülýän çäreler hem-de süýt önümçiligi bilen tanyşdyryldy.
Tejribelik geçýänler Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki özi hereketlenýän we tirkelýän pürküjileri öndürýän kärhana hem baryp gördüler. Onuň tejribeli hünärmenleri pürküjileriň iň häzirki zaman nusgalary we olaryň innowasion mümkinçilikleri, aýratyn hem, «See and Spray» ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kärhananyň önümçilik binalar toplumynda tirkelýän M700, M700i, M600, M600i, A700, A700i, A600, A600i we özi hereketlenýän R 41 seriýaly 40i we 50i pürküjileri öndürilýär. Olaryň ýygnalyş prosesini, reňkleniş we gutarnykly synagdan geçirilişini synlamaga mümkinçilik döredildi.
Saparyň çäginde Germaniýanyň Mangeým, Haýdelberg hem-de Köln şäherleriniň gözel we taryhy ýerlerine gezelençler guraldy. Ýurduň «Sinsheim» tehniki muzeýine, «Mercedes Benz» muzeýine barlyp görüldi.
Okuw saparyna gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara bilim, oba hojalyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, döwrebap hünärmenleri taýýarlamaga şeýle giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar.

