Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň ikisine Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakyldy:
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Begmyrat Rejepdurdyýewiç Halwatjanowa,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Agamämmedowiç Bäşimowa.
Hormatly atlaryň dakylmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlaryna hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetine goýulýan belent hormatdan nyşandyr.
