Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlary boýunça hödürleniş çäreleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
4-nji awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Mary etrabynda (Mary welaýaty) geçiriler. Çäre S.Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýy.
Maglumat üçin telefon belgileri: 800522-7-43-57; 800522-7-09-95.
5-nji awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Murgap etrabynda (Mary welaýaty) geçiriler. Çäre Murgap etrabynyň Medeniýet müdirliginde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň 5-nji jaýy.
Maglumat üçin telefon belgileri: 800565-4-51-94; 800565-4-51-96.
4-nji awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Türkmenabat şäherinde (Lebap welaýaty) geçiriler. Çäre Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirliginde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy.
Maglumat üçin telefon belgisi: +99342231728.
Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresine ähli guramalaryň, kärhanalaryň we telekeçileriň boş iş orunlary baradaky maglumatlary hödürlemegi zerurdyr. Iş gözleýän raýatlar bolsa özleri bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamany, ýagny pasportyny, zähmet depderçesini (eger bar bolsa) we hünäriniň bardygyny tassyklaýan resminamany getirmelidirler.
