Oktýabryň ahyrky öngünlüginde Ahal we Balkan welaýatlarynyň degişli sebitlerinde boş iş orunlaryny hödürlemek çäreleri geçiriler.
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 23-nji oktýabrda Tejen etrabynyň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00 — 12:00 aralygynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Habarlaşmak üçin:
800135-7-18-02.
***
Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 26-njy oktýabrda Balkanabat şäheriniň 184-nji ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 1-nji jaýynda ýerleşýän Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00 — 12:00 aralygynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini mälim edýär.
Habarlaşmak üçin:
(800222) 2-84-98;
(800222) 2-88-36;
(800222) 2-84-45.
Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärä öz boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen gatnaşmalydyr. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.
