Türkmenistanyň welaýatlaryndan bolan wekiliýetler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 19-njy sentýabrda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler. Sebitleriň wekilleri öz şäherlerinden dabara bilen ýola düşdiler we paýtagtymyzda milli myhmansöýerlik däplerimiz esasynda garşylandy.
Maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyzda bolýanlar üçin täze şäher awtobuslarynda Aşgabadyň gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Olar bu gezelençleriň çäginde paýtagtymyzyň günsaýyn gözelleşýän keşbi hem-de täze döwrebap ýolagçy ulaglarynyň ykjamlygy bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Myhmanlaryň Arkadag şäherinde bolmagy has ýatda galyjy wakalaryň birine öwrülýär. Wekiliýet agzalary bu ýerde täze dokuz gatly ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar.
Halk Maslahaty Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, onuň mejlislerinde döwlet ösüşiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar we strategiki çözgütler kabul edilýär.
