Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

MilliInfo

24 Ýanwar, 2026

@atawatanhabarlary

2025-nji ýylda ýurdumyzda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany artyp, 250-ä golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki — 24-nji ýanwardaky sanynda aýdylýar.

Watanymyzyň syýahatçylyk kärhanalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, özleriniň syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýärler.

Syýahatçylyk kärhanalarynyň sanynyň artmagy bilen, hyzmatlaryň hili ýokarlanýar, şol bir wagtda ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sany-da artýar. Geçen ýyl Diýarymyza dünýäniň jemi 100-den gowrak ýurdundan syýahatçylar geldiler, ýurdumyzyň raýatlary bolsa dünýäniň 40-a golaý ýurduna syýahat etdiler.

Dürli derejeli myhmanhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, orta we ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem syýahatçylygyň ösmegine uly täsir edýär. Çünki syýahatçylyk — bu hyzmatlar ulgamydyr. Hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagy, syýahatçylygyň giň mümkinçilikli infrastrukturasynyň döredilmegi, amatly howa gatnawlarynyň açylmagy, iýmitlendiriş hyzmatlarynyň we dürli tagamlaryň taýýarlanylmagy hem syýahatçylaryň köpelmegine täsir edýär. Biziň ýurdumyzda bu şertleriň ählisi döredilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info